Bitaraplyk — parahatçylyk taglymaty

13 Dekabr 2024
177

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi halkymyzyň beýik gymmatlygy bolup, tutuş dünýäde asuda durmuşy, parahatçylygy, halklaryň dost-doganlygyny, ynsanperwerligi, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýan taglymatdyr. Şoňa görä-de, 12-nji dekabrda ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy giňden bellenildi.

Şanly baýrama bagyşlanan çäreler Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy. Bu dabara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle hem bu ýere ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.

«Nesil».