Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp 11-nji dekabrda paýtagtymyzda «Halkara parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde bilelikdäki tagallalar» atly halkara maslahat geçirildi. Iri foruma ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň diplomatlary, halkara, sebit guramalarynyň, şol sanda BMG-niň we onuň ugurdaş düzümleriniň, ÝB-niň, TDG-niň wekilleri, halkara gatnaşyklar, howpsuzlyk ulgamy boýunça iş alyp barýan bilermenler, ýaşlar, raýat jemgyýetiniň, ylmy-barlag merkezleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Halkara maslahatyň ýokary derejeli mejlisiniň açylyş dabarasy paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirildi. Myhmanhananyň eýwanynda ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalar bilen bilelikde guralan sergi ýaýbaňlandyryldy. Bellenilişi ýaly, şu gezekki maslahatyň möhüm seneleri öz içine alýan geljek ýylyň öňüsyrasynda geçirilýändigi aýratyn ähmiýete eýedir. Şolaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bar.