Tejen etrabynyň oba zähmetkeşleri gowaça hasylyndan boşan meýdanlarda sürüm işlerini depginli alyp barýarlar. Geljek ýylyň hasyly üçin ýerleri ýaz ekişi möwsümine taýýarlamakda uly ähmiýete eýe bolan häzirki sürüm işlerinde tehnikalaryň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar. Her bir mehanizator özüne berkidilen tehnikalarda sürümi agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmekde tutanýerli zähmet çekýär.
Etrapda topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işlerine hem möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurdaky işler degişli hünärmenleriň üns merkezinde saklanýar. Häzirki meýdan işleriniň utgaşykly ýola goýulmagy geljek ýylyň ýaz ekişine taýýarlykly barmaga şert döredýär.