Arkadagym, Arkadagly Serdarym!

12 Dekabr 2024
165

Mähriban Arkadagly, Arkadagly Gahryman Serdarly günlerimiziň gujagy durşuna toý-baýram. Baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda döredijilikde, zähmetde tapawutlanan ildeşlerimize Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlary gowşuryldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mübärek Permany bilen meniň hem bu serpaýa mynasyp görülmegim, şygyrlaryma, şelpeli setirlerime goýlan uly ünsüň ýene bir güwäsi boldy. Aslynda şahyr sesine hä berilmeginiň, diňlenilmeginiň, heňine üns goýulmagynyň isleg-arzuwynda ahbetin.

Beýik döwür tüýs edebiýata gadyr-gymmat goýulýan zamandyr. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hut şu döwri arzuwlandyr. Şahyryň beýle belentlige göterilen zamany ýokdur. Şol belentlik Gahryman Arkadagymyzda bar, Arkadagly Gahryman Serdarymyzda bar. Beýik Ogullary şanly baýram — Halkara Bitaraplyk güni bilen gyzgyn gutlaýaryn, il-günüň, dünýäniň asudalygy, abadanlygy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Şa serpaýy üçin Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize alkyşlarym tükeniksizdir.

Gözel ŞAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Gahrymany.