Halkymyzda “aýagy düşmek”, “düşümlilik” ýaly düşünjeler bar. Bu babatda şu ýylymyz ähli halkymyz üçin turuwbaşdan düşümli boldy diýip arkaýyn aýdyp bileris. Adynyň akyldar şahyrymyzyň, geljege welilik nazary bilen garan pähimdar Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşykly bolmagy bu ýylymyza berlen ak pata bolup kalplara doldy. Halkymyz ýylyň ilkinji günlerinden uly toýa taýýarlanyp başlady. Özi-de goşa toýa. Bu ýyl gadymy Änewiň «türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşykly-da Garaşsyz Diýarymyzy toýhana öwürdi. Şeýle taryhy sene mynasybetli akyldar şahyrymyzyň heýkelleriniň taýýarlanylmagyna dahylly bolmak meni iň bagtyýar ynsanlaryň hatarynda goýýar. Ilki bilen, şeýle ynam üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyşly sözlerimi beýan edesim gelýär. Şeýle şowly ykbal üçin Ýaradana şükürler bilen başlan işimiz öz miwesini-de eçildi. Şu ýyl akyldar şahyrymyzyň daşary ýurtlardaky heýkelleriniň sany artdy. Dana Pyragynyň Moskwa şäherindäki heýkeli ussadyň bu dostlukly ýurtdaky ýadygärlikleriniň üstüni ýetirdi. Akyldaryň Astanada heýkeliniň peýda bolmagyna dahyllylygym täze-täze gözleglere ylhamlandyrdy.
Döredijilik adamsy hökmünde ömrümdäki iň bagtyýar pursatlar barada söz açmaly bolsa, Magtymguly atamyzyň gojaman Köpetdagdaky äpet heýkelini döretmek ynanylan gününden tä onuň hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen açylmagyny, ilki bilen, dile getirerin. Bu bina diňe meniň däl, eýsem, ähli watandaşlarymyzyň, döwürdeşlerimiziň dana Pyraga hoşallygynyň sungatyň dilindäki beýany bolup, başyny asmana diräp oturyşyny synlanymda, şu wagtam göwnüm telwas tapyp, bu ägirt uly taslamany döretmegiň awtorlary, ylhamdarlary Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize sagbolsunlar aýdýaryn.