Şahyryň ýylynda şahyr hakynda

12 Dekabr 2024
195

Halkyň taryhy onuň dilinde, edebiýatynda, medeniýetinde hem sungatynda ýaşaýar. Biz hem türkmen dilini öwrenmekde uly işleri bitiren alym, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň eýesi Begmyrat Weýisowyň Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizow hakyndaky ýatlamasyny okyjylara ýetirýäris.

— Men Gurbannazar bilen talyplyk ýyllarymdan bäri tanyş. Biz häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetinde okaýardyk, men 3-nji ýyl, Gurbannazar bolsa 5-nji ýyl talypdy. Biz iküç ýyl bile tirkeşdik. Ol wagtlar her aýda diýen ýaly edebiýat birleşmesi bolardy. Şonda herimiz öz goşgymyzy joşup okardyk. Edebiýat birleşmesine gatnaşýanlaryň arasynda Gurbannazar iň ekabyrymyzdy.

Ýazga geçiren Mukam BEKGYLYJOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.