«Magtymgulyny» ýazan

12 Dekabr 2024
142

Käbir döredijilik işgärleri bolýar, olar haýsydyr bir eseri, ýa bolmasa döreden keşbi bilen adamlaryň aňynda galýarlar. Olaryň atlaryny eserleriniň ýada gahrymanynyň adynyň eýeleýän ýagdaýlaryda az bolmaýar. Ýazyjy Gylyç Kulyýewede, başgada ýatda galyjy eserleriniň az däldigine garamazdan, «Hä, «Magtymgulyny» ýazanmy?» diýläýýändir. Muny ýazyjynyň Pyragy baradaky eseri döretmäge sarp eden ýyllary, çäksiz yhlasy bilen düşündirip bolar.

1913nji ýylyň 14nji aprelinde Marynyň birinji Gökje obasynda daýhan maşgalasynda dünýä inen Gylyç Kulyýew başlangyç bilimi internatda alýar. Ol 1948nji ýylda şol wagtky Aşgabat pedagogik institutyny, soň bolsa Jemgyýetçilik ylymlary akademiýasyny tamamlaýar.

Oguljahan ÇUNGAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 85nji orta mekdebiň müdiri.