Uly ösüşlere beslenýär

11 Dekabr 2024
130

Ajaýyp zamanada hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ägirt uly energiýa mümkinçiliklerini halkymyzyň hem-de bütin adamzadyň bähbidine netijeli peýdalanmak ugrunda uly işleri durmuşa geçirýär. «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda pudakda önümçiligiň derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen zerur işler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiziň: «Nebitgaz pudagynda işleriň alnyp barlyşynda täze usullary, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryny ulanmak bilen, öňde goýlan wezipeleriň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmegine oňaýly täsir edýär» diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzyň nebitgaz senagaty hem-de geologiýa pudagy döwrebap ösdürilýär, olara sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden ornaşdyrylýar. Welaýatymyzdaky nebitgaza baý ýataklarda iş alyp barýan «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebitçileri hem «gara altynyň» we «mawy ýangyjyň» çykarylyşyny artdyrmaga gönükdirilen netijeli geologiýa-tehniki çäreleri durmuşa geçirmekde yhlasly zähmet çekýärler. Olar has çuň guýulary burawlamak arkaly nebitiň we gazyň uly akymyny almagyň hötdesinden gelýärler.

Baýramgül ESENOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň guramaçylyk bölüminiň müdiri.