Bitaraplygyň şanly toýy

11 Dekabr 2024
126

Şu günler eziz Diýarymyzda baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk şanly toýy Halkara Bitaraplyk gününiň dabaralary bilen utgaşýar. Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýynyň şanyna giňden bellenýän şanly senäniň halkymyz üçin uly ähmiýeti we manysy bar. Çünki Bitaraplyk Watanymyzyň daşary syýasatynyň baş taglymatydyr. Bu taglymat Bitarap Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän, gurýan bagtyýar halkymyza has-da beýik ýeňişleri gazanmaga ruhy güýç berýär. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna jebisleşen halkymyz baky Bitaraplygyň şanly toýuny şatlyk-şowhuna besleýär.

Şu günler bilim-terbiýeçilik edaralarynda hem şanly sene mynasybetli baýramçylyk çäreleri guralýar. Bilim işgärleridir ýaş nesliň gatnaşmagynda geçirilýän baýramçylyk dabaralarynda çagalaryň Bitarap Watanymyzy, eşretli döwrümizi, asuda durmuşymyzy, dost-doganlygy wasp edip ýerine ýetirýän aýdym-sazlaryny, labyzly okaýan goşgularyny diňlemek diýseň täsirli hem lezzetli. Baýramçylyk çäreleriniň barşynda ýaş nesle ajaýyp senäniň giňden toý edilmeginiň ähmiýeti hem düşündirilýär. Munuň özi ýaş nesliň watançylyk duýgusyny ösdürmekde ähmiýetlidir. Şeýle bagtyýarlygy peşgeş beren hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza päk ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys.

Hakberdi SAPARDURDYÝEW,
Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Tejen etrap Geňeşiniň hünärmeni.