Milli hakydanyň göwher şuglasy

10 Dekabr 2024
187

Bilimiň, ylmyň we medeniýetiň özara baglanyşygynyň barha ösmegi XXI asyryň häsiýetli aýratynlygy bolup öňe çykýar. Jemgyýetçilik ösüşiniň, ykdysady we durmuş ösüşleri boýunça taryhy tejribe döwleti ýokary derejelere çykarýan öňe okdurylmalaryň, ilki bilen, hut şu ulgamlara üns berilmeginden başlanýandygyny subut edýär.

Ýokary ösen jemgyýeti kemala getirmekde döwrüň ruhuna gabat gelýän, milli gymmatlyklary dabaralandyrýan, taryhy maglumatlara salgylanyp, geljege gurulýan aýdyň ýollary bina etmekde ruhy ýörelgeleri şöhlelendirýän eserleriň aýratyn gymmaty bardyr. Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanyndaky günlerde Gahryman Arkadagymyzyň ýiti paýhasyndan kemal tapan «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň elimize gowuşmagy jemgyýetde uly seslenme döretdi. Bu kitap ähli halkymyz üçin Halkara Bitaraplyk gününe ajaýyp sowgat boldy. Kitabyň ýaşlara ahlak we watançylyk terbiýesini bermekde, olary milli ýörelgelerimiziň esasynda terbiýelemekde uly täsiriniň boljakdygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Eseriň içinden eriş-argaç bolup geçýän türkmen halkynyň taryhy gymmatlyklary, Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündewleriniň, milli ýörelgeleriň ýaş nesli watanparaz, beýik ahlakly, maksada okgunly adamlar bolup ýetişmeklerinde uly ähmiýeti bar.

Oguljennet NURMUHAMMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.