Aklyk

10 Dekabr 2024
177

Her pasyl öz gözelligi bilen gözüňi egleýär. Geriş-geriş daglaryň başyna ak donuny serpaý ýapan gyş hem öz gözelligini güjeňläp bilipdir. Aýna ýaly ýollary ak gary bilen bezeýän gyşda penjiräni açan badyňa içerik köwsarlap girýän arassa howa sähel salymyň içinde şähdiňi açýar. Ýola çyksaň egnine possundyr başyna akja pamygy ýatladyp duran başgaby geýen oglanjyklardyr gyzjagazlar haýdaşyp mekdebe tarap barýandyrlar. Gyşda hatda guşlaryň hem çalasyn hereket edýändigi tötänlik däl. Sowuk howada çalasyn hem çakgan bolmasaň üşejegiň ikuçsuz. Bu günler rahat dem alyp ýatan, täze hasyla güýç toplaýan ene topragyň teşnelikden nähili ganyp, zyýanly mör-möjeklerden mazaly dynýandygyny duýmak has-da ýakymly. Gyş günleriniň säherleri sowuk bolýar. Säher şemalynyň degen ýerini kesip barmagy şeýle setirleriň serime dolmagyna sebäp boldy:

Doňdursa-da gyşyň aýazy Ýeri,
Sowatmasyn ykbal ýüreklermizi.
Kalbymyza sowuk aralaşmasyn,
Aklyga atarsyn ak daňlar bizi.

Aýna ATAGELDIÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.