Nesillerimiz baradaky alada geljegimiz baradaky aladadyr

9 Dekabr 2024
133

7-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisi geçirildi. Oňa müdiriýetiň agzalary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa gatnaşdy.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan geçen döwürde alnyp barlan işler, gaznanyň kanunçylyk hukuk namalaryna girizilen üýtgetmeler, gaznanyň serişdeleriniň sarp edilişi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi tarapyndan degişli döwürde alnyp barlan işler hakyndaky hasabatlaryň diňleniljekdigini we beýleki degişli soraglara serediljekdigini aýtdy.

«Watan».