Çagalaryň arkasynda dag ýaly döwletimiz durandyr

9 Dekabr 2024
166

Ýurdumyzda çagalaryň hiç biri hossarsyz däldir

Halkymyz gadymy döwürlerden bäri ynsanperwerlik, haýyr işleri etmäge ymtylmak, birek-birege goldaw bermek ýaly asylly ýörelgeleri baş ugur edinipdir. Häzirki döwürde bu ýörelgeler döwlet derejesinde dowam etdirilip, ata-enesinden jyda düşen çagalary jemgyýete uýgunlaşdyrmaga gönükdirilen çäreleriň ulgamynda öz beýanyny tapýar. Muňa 7-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisi nobatdaky gezek aýdyň şaýatlyk edýär.

«Nesil».