Ynsanperwerlik we hoşniýetlilik

9 Dekabr 2024
166

ýurdumyzyň daşary syýasatynyň özenini düzýär

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan beýik gymmatlyk hökmünde ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň baş maksady adamzadyň bähbitlerine gönükdirilen parahatçylyk, dostluk ýörelgeleri esasynda dünýäde asudalygy, howpsuzlygy goramakdyr. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynda giň gerimli we dostlukly gatnaşyklary ösdürmegine kuwwatly itergi berýär. Döwletimiz oňyn Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan esasy ugurlara we ýörelgelere eýermek bilen Ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmek, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek we durmuş-ykdysady ugurlarynda durnukly ösüşi üpjün etmek ýaly ýörelgeleri alyp barýar.

Aýgözel NURLYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.