Tygşytlylyk — rysgyň açary

1 Dekabr 2024
99

Eýsem siz, heý, tygşytlylygyň bähbidi barada oýlanyp görüpmidiňiz?! Tygşytlylyk, hakykatdanam, bagta, rysga, baýlyga güwä zatlaryň biri. Tygşytly bolmak Hakyň eçilen nygmatlaryny sarpalamak, ezizlemek diýmekdir. Türkmende «Isrip — haram» diýen taglymat derejesine ýeten bir düşünje bar. Şol düşünje parasat, pähim, aýtgy bolup köňüllerde ýaşaýar we häli-şindi zybanlarda gaýtalanýar.

Enem: «Isrip etmek öz rysgyňy, nesibäňi kowmak» diýerdi. Bu sözleri aýdanda, enem juda mamla eken. Tygşytlylyk baradaky düşünjäni çaganyň aňyna irki ýaşlaryndan siňdirmeli diýip pikir edýärin. Aýdaly, biz çagamyzyň eline pul berip, dükana ýa-da bazara hojalyga zerur zatlary almaga ugradýarys. Çaga özüne ene-atasynyň bildiren bu ynamyny ödejek bolup çalyşýar. Gaýtargyny dürsje hasaby bilen ejesine getirmäge höwesli bolýar. Şonda biz: «Gaýtarga özüňe bir zat alaý!» ýa-da «Gaýtargysyny nämä ulansaň, ulanaý!» diýip, biagyrylyk etsek, çagada pula we ony sowmaga bolan garjaşyk pikirler döreýär. Pul bilen bagly garaýyşlar onuň aňynda ham-hyýaldyr isleglere berilmek, göwnündäkini amal etmek ýaly oýlaryň döremegine getirip bilýär. Göwünde bolsa isleg asla gutarmaýar. Şonuň üçinem çagalarda, ýaşlarda pula, maliýe serişdelerine bolan islegi terbiýelemek hem özboluşly terbiýe bolup durýar. Çaga dükandan getiren gaýtargysyny ejesine ýa-da kakasyna gaýtaryp berende, ene-atanyň oňa çynlakaý minnetdarlyk bildirmekleri onda juda göwnühoş duýgulary döredýär.

Dursun TEKÄÝEWA,
žurnalist.