Gyş paslynyň gelmegi bilen howa sowap başlaýar. Howanyň sowamagy, pasla görä geýinmezlik, bedeniň üşemegi bolsa immunitetiň peselmegine, dürli ýokanç keselleriň ýüze çykmagyna itergi berip bilýär.
Gyşda ýiti respirator ýokançlaryň öňüni alyş kadalary berjaý edilmedik ýagdaýlarynda dem alyş ýollarynyň keselleriniň ýüze çykmagyna getirýär. Bu bolsa ýokançlaryň dem alyş ýollaryna aralaşmagyna we soňra olary zeperlendirip, keseliň alamatlarynyň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Islendik wirusly ýokançlar, ylaýtada, çagalarda ýerli we umumy immuniteti gowşadýar. Şoňa görä-de wiruslaryň üstüne bakteriýa ýokançlarynyň goşulmak ähtimallygy ýokarlanýar. Grip, paragrip, rinowirus, adenowirus ýaly wiruslar dümewi, ýiti respirator wirus ýokanç kesellerini ýüze çykarýar.