Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçirildi
Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak, halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiligini ýokarlandyrmak, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek maksadyndan ugur alýar. Şunuň bilen baglylykda, 4 ― 6-njy dekabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň, şeýle hem onuň çäklerinde Türkmen-türk işewürler geňeşiniň nobatdaky maslahatynyň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir.