Täze ýylda täze sepgitler

5 Ýanwar 2021
1569

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjyndan gözbaş alyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň kabul eden Kararyna laýyklykda, “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilen 2020-nji ýyl tamamlandy. Bilşimiz ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň özüne mahsus at bilen gelýän ýyllary Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürilmeginiň zamanasy bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ata Watanymyz ösüş-özgerişleriň ýeňişli menzillerini külterleýär.

Ýap-ýaňy tamamlanan 2020--nji — Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýyly hem Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň şan-şöhrata beslenen taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Geçen ýylda Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň uly toýunyň buýsançly dabarasy dünýä doldy. Şu taryhy senäniň dabaraly bellenilen ýylynda ýetilen belent sepgitlere, şanly wakalara ser salanyňda ýap- ýaňy jemi jemlenen ýylda milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli ägirt uly işleriň bitirilendigi guwanjyňa guwanç goşýar. 2020-nji ýylda ata Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ýokary görkezijiler gazanyldy. Senagatda, oba hojalygynda gazanylan üstünlikler ösüş-özgerişli ýolumyzyň rowaç alýandygyny subut etdi. 2020-nji ýylda dänäniň we “ak altynyň” bereketli hasylyny ýygnap döwlete tabşyrmakda guwançly netijeler gazanyldy. Elektroenergetika, nebitgaz, himiýa pudaklarynda täze tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmak arkaly depginli ösüş gazanyldy. Telekeçiligiň ösdürilmeginde ýetilýän sepgitlerem guwandyrýar. 2020-nji ýylda hususyýetçilik çygrynda täze önümçilik kuwwatlyklary işe girizildi. Ilatyň ýokary hilli harytlara we önümlere bolan islegini has doly kanagatlandyrmakda uly tagallalar edildi.