Ösmeýän göwreliligiň gematologiki markýorlary

6 Dekabr 2024
153

Nargözel MYRATNAZAROWA, Güljahan HOJAMBERDIÝEWA, Swetlana PLESKANOWSKAÝA
M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň akuşerçilik we ginekologiýa kafedrasy, Ylmy-barlag merkezi

Häzirki zaman akuşerçiliginde ösmeýän göwrelilik (ÖG) wajyp meseleleriň biri bolmak bilen reproduktiw ýitgileriň 10-20%-ni tutýar [1-5]. ÖG-niň köp meseleleri oňat öwrenilip, olaryň anyklaýyş we bejeriliş algoritmleri işlenip düzüldi. ÖG-niň sebäpleri köp dürli bolup, olara genetiki faktorlar, alawlama hadysalary, endokrin, gemostaz we autoimmun bozulmalar degişlidir. Emma 40% ýagdaýda düwünçek ýitgisiniň sebäbi näbelliligine galýar [1, 2, 6].