Dabaraly maslahat geçirildi

6 Dekabr 2024
207

Hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak we onuň nyşanyny kesgitlemek barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen welaýat ýörite sungat mekdebinde dabaraly maslahat geçirdik. Syýasy partiýalaryň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen maslahatda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasaty dogrusynda buýsançly çykyşlar diňlenildi.

Bagtyýar ildeşlerimiz öz çykyşlarynda dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň, rowaçlygyň, dost-doganlygyň, durnukly ösüşiň ýurdy diýlip ykrar edilen eziz Watanymyzda adam hakyndaky aladanyň ilkinji orunda durýandygyny nygtadylar. Şeýle-de maslahatda ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýetine aýratyn üns çekilip, Aşgabadyň halkara derejeli forumlaryň, festiwallaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň, sergileriň we sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülendigi bellenildi. Şeýle-de Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi we geljek ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ýylyň şygarynda hem ynsanperwer döwlet syýasatymyzyň öz beýanyny tapjakdygyna ynam bildirildi.

Bahtyýar NURMAMEDOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň esasy hünärmeni.