Seresapsyzlyk (Gülküli kyssa)

5 Dekabr 2024
214

«Aýratyn öý bolanyňdan soň, durmuş gaýtadan başlanýar» diýýänlerine özüm öýlenemsoň göz ýetirdim. Gelnimiň edim-gylymyndan, hyzmatyndan nadyl bolar ýaly däl. Ýöne aýratyn öý bolan günümizden, onuň hereketlerindäki üýtgeşiklikler gözüme ilip ugrady. Başga maşgalada terbiýelenen gyzyň ejeňe meňzejek gümany barmy? Gap-gaç ýuwşundan başlap, çaý demleýşi, öňüňe saçak ýazyşy, käsäni äberişi ýaly hereketleriniň her birinden ejemiňkä meňzeşlik tapjak bolýan. Şeýtmeli däldigine akylymyň ýetýäni üçin, onuň bolşuna gaty tiz kaýyl boldum.

Täze maşgala bolansoň, öý goşlaram, gap-gaçlaram täzeje. Bir günem çaý içip otyrkak, käsämi elimden gaçyryp, döwäýmenmi. Üstesine düşegiňem eslije ýeri öl boldy. Men näme diýjegimi bilmän, gelnime seredip ýuwdunaýdym. O-da gözlerini güldürdi-de: «Zyýany ýok» diýip, jäç döwüklerini ýygnaşdyrmaga durdy. Şol arada-da sözüniň üstüni ýetirdi: «Seresabrak bolaýmalydyň...».

Nurberdi DÄDEBAÝEW,
ýazyjy.