Gümrükçiler üçin döwrebap bina

5 Dekabr 2024
222

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ulanmaga berlen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Farap awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerindäki «Farap awtoýollary» gümrük nokadynyň durky täzelenen binalar toplumy döwrebap şertleri özünde jemleýär. Bu gümrük nokady uzak ýyllaryň dowamynda biziň ýurdumyz bilen goňşy Özbegistanyň we üstaşyr hyzmatlardan peýdalanýan beýleki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlykda möhüm orny eýeleýär.

Gümrük nokadyny döwrebaplaşdyrmak we goşmaça binalary gurmak işini «Sapaly geljek» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri alyp bardy. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary üçin şu ýylyň iýulynda Türkmenbaşy şäherinde açylyp ulanmaga berlen 4 gatly, 32 öýli ýaşaýyş jaýy hem şu hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary tarapyndan gurlupdy.

Agageldi ITALMAZOW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Merdan ORAZOW.