Merdana nesiller — guwanjymyz

4 Dekabr 2024
181

Golaýda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk güni hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 88-nji orta mekdebiniň mejlisler zalynda 3 — 5-nji synplarda okaýan oglanlaryň arasynda «Merdana nesil — 2024» atly bäsleşigiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi.

Bäsleşik jemi üç şertden ybarat boldy. Birinji şertde bäsleşige gatnaşyjylar türkmen halkyna mahsus bolan merdanalygy, Watana bolan söýgini, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly synmaz ruhuna belent sarpasyny, bagtyýar zamanamyzda ýetilen belent sepgitleri, gazanylan üstünlikleri çeper sözleriň üsti bilen beýan etdiler. Ikinji şertde ýekelikde şorta sözleri ýerine ýetirdiler. Üçünji şertde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan uly ösüşleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Gülälek BAÝRAMALYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň baş hünärmeni.