Parahatçylyk we ynanyşmak milli hem-de halkara gymmatlykdyr

4 Ýanwar 2021
2196

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň öňe süren, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda ähli agza döwletler tarapyndan goldanan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha pugtalanýandygynyň aýdyň şöhlelenmesi bolup durýar. Bu Kararnamanyň kadalary BMG-niň deňlik we dawalary parahatçylykly ýollar arkaly çözmek ýörelgelerine esaslanýan halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmek boýunça esasy taglymatyna laýyk gelýär.

Resminamada Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň yglan edilmeginiň parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy boýunça işlere, hususan-da syýasy gepleşikleriň, özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň esasynda tagallalary jebisleşdirmäge ýardam etjekdigi bellenilýär.

Ýagmyr NURYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory.