Uly tutumlaryň sakasynda ýaşululara sala salmak, olaryň maslahatyna eýermek türki döwletleriň ählisine mahsus däpleriň biri. Hut ýaşulularyň gelen netijesi hem şol tutumlarda esasy orny eýeleýär. 15 ýyllyk taryhy bolan Türki Döwletleriň Guramasynda-da Aksakgallar geňeşiniň aýratyn uly orny bar. Bu geňeş guramanyň döredilmeginden bary-ýogy bir ýyl soň esaslandyrylyp, kabul edilýän çözgütlerde esasy orny eýeläp gelýär. Gahryman Arkadagymyz 2022-nji ýyldan bäri bu geňeşiň hormatly agzasydyr.
14 ýylyň içinde 15-nji mejlisi şu ýylyň mart aýynda Aşgabat şäherinde geçirilen geňeşiň 16-njy mejlisine gatnaşmak üçin Gahryman Arkadagymyz ýakynda Wengriýa Respublikasynyň Budapeşt şäherinde iş saparynda boldy. Mejlisde Milli Liderimiziň orta atan teklipleri, başlangyçlary geňeşiň işini döwrüň talaplaryna laýyk guramakda aýratyn ähmiýete eýedir. Şolaryň başynda parahatçylyk filosofiýasyny ilerledip, dostlukly ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň abadançylyga we asudalyga esaslanýan syýasatyny mundan beýläk hem durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly teklip gelýär. Uglewodorod serişdeleri boýunça hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen alyp barmagy dowam etdirmek bilen bagly döwlet Baştutanlarymyza anyk teklipler bilen ýüzlenmek baradaky başlangyç bolsa Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlar üçin iňňän peýdalydyr. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurtlarymyzyň arasynda söwda-ykdysady ugurda hem entek ulanylmadyk mümkinçiliklerimiz bar.