Parahatçylygyň belentden ýaňlanýan mukamy

4 Dekabr 2024
180

Gadymy türkmen topragyndan gözbaş alýan dostluk ýollary dünýä ýurtlaryna ýaýrap, söýgi, mähir paýlaýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanylýan Türkmenistan gadymy ýoly täzeden dikeldip, hoşniýetli gatnaşyklary bilen dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň, ynanyşmagyň Watany hökmünde uly abraýa, şan-şöhrata eýedir. Sebäbi ýurdumyzyň daşary syýasatynda ynsanperwerlik, birek-birege hormat goýmak, adalatlylyk, hoşniýetlilik ýörelgeleri esas edilip alnandyr. Munuň özi halkymyzyň bütin taryhynyň dowamynda türkmeni tanadan ajaýyp ýörelgelerdir. Her bir işi saldarlap görýän, maslahatlaşyp edýän halkymyzyň elmydama parahatçylygyň, oňşukly ýaşaýşyň we hoşniýetli gatnaşyklaryň tarapdary bolandygyna taryh şaýatdyr. Muny gadymy Beýik Ýüpek ýoly arkaly syýahat eden jahankeşdeleriň, alymlardyr taryhçylaryň bize galdyryp giden ýazgylarynda açyk-aýdyň görmek bolýar. Halkymyzyň parahatçylyk söýüji ýörelgeleri häzirki döwürde döwletimiziň halkara gatnaşyklarynda öz beýanyny tapýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk-doganlyk sazy» atly kitabynda belleýşi ýaly, «Parahatçylyk, munuň özi sazlaşykly ýaşaýyşdyr. Sag-salamatlyk, abadan durmuş köňülleriň heňňama ýazan mukamydyr». Häzirki döwürde bu ajaýyp mukam dünýä ýurtlarynda belentden ýaňlanýar. 

Ýurdumyzyň ýöredýän ynsanperwer daşary syýasatynyň dabaralanýandygyny döwletimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň, teklipleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilip, uly goldawa eýe bolmagy subut edýär. Bu başlangyçlardyr teklipler bolsa umumadamzat bähbitlerine hem-de halklaryň bagtyýarlygyna, ýurtlaryň ösüşine gönükdirilendir. Daşary syýasatymyzda döwletimiziň bitaraplyk taglymaty esas bolup hyzmat edýär. Hut bitaraplyk taglymatymyz hem asyl köklere we tejribelere daýanýar. Ol paýhas mekdebi bolan ata-babalarymyzyň asyrlardan aşyp gelen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman şertlerinde rowaçlanmagydyr. Bitaraplygymyz bütin dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy goldamakda we üpjün etmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Has dogrusy, beýik taglymat parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine hyzmat edýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy alyp barmagy netijesinde halkara gatnaşyklarda ýurdumyzyň tutýan orny barha pugtalanýar. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde 2007-nji ýyldan bäri BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi hereket edýär. Onuň sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň üpjün edilmeginde uly ähmiýete eýedigini bellemek gerek. «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň döredilmegi bolsa, ysnyşykly gatnaşyklarda täze mümkinçilikleriň açylýandygyny alamatlandyrýar.  

Muhammetmyrat ÖWEZOW,
«Balkan».