Türkmen topragynyň sahawaty

3 Dekabr 2024
188

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba ýerlerinde amala aşyrylýan özgertmeler esasynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumy hil taýdan täze derejelere göterilip, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam edýär. Ýurdumyzda bugdaýyň we gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, daýhanlaryň ýere bolan höwesini artdyryp, yhlasly zähmet çekmekleri üçin, oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy kabul edildi.

Şu ýyl Diýarymyzda bugdaý ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen 690 müň gektar ýerden 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly öndürilip, welaýatlar boýunça bu ugurda bellenen şertnamalaýyn borçnamalar üstünlikli berjaý edildi. Häzirki wagtda ýygnalan bugdaý hasyly galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara ýitgisiz daşalyp, tabşyrylan hasyl üçin bugdaý öndürijiler bilen hasaplaşyklar geçirildi. Şeýle hem 2025-nji ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak, meýdanlary hem-de ýokary hilli bugdaý tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Jeren ATAMYRADOWA,
Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň bölüm başlygy.