«Akylly» şäheriň arassa ekologik gurşawy

3 Dekabr 2024
149

Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda daşky gurşawy gorap saklamak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak hem-de olaryň biodürlüligini köpeltmek, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça wajyp wezipeler bellenilýär. Türkmenistanda daşky gurşawy goramak we ekologiýa syýasaty boýunça ýerine ýetirilýän işleriň ýurt we halkara derejede ähmiýeti uludyr.

Mälim bolşy ýaly, Milli Liderimiziň başlangyjy bilen gurlup, birinji tapgyry 2023-nji ýylda ulanmaga berlen Arkadag şäheri sebitde ekologiýa taýdan arassa şäherleriň birine öwrüldi. Onuň gurluşygynda möhüm ekologik talaplara, ýagny Köpetdagyň etegindäki tebigy gözelligi saklap galmak üçin «ýaşyl» tehnologiýalary giňden ulanmaga aýratyn üns berildi. Şonuň üçin şäherde zir-zibil galyndylary hem täze tehnologiýalaryň esasynda öz wagtynda ýygnalyp, arassaçylyk düzgünleri berjaý edilýär. Şäheri dürli saýaly we pürli baglar, bezeg gülleri bezeýär, agaçlar damjalaýyn suwaryş ulgamy esasynda suwarylýar. Arkadag şäheriniň «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulandygy baradaky güwänama hem täze şäheriň gurluşygyna ýokary baha berlendigini görkezýär.

Aknabat POTAÝEWA,
«Köpetdag» döwlet tebigy goraghanasynyň ylym bölüminiň işgäri.