Aýdym-sazly dabara

3 Dekabr 2024
177

Gökdepe etrabynyň merkezindäki medeniýet köşgünde şahyr Ilmyrat Pudakowyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli geçirilen aýdym-sazly duşuşyk ruhubelentlige beslendi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Ahal welaýat häkimligi tarapyndan guralan duşuşyga medeniýet-sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýerli ýaşaýjylar hem-de şahyryň dogan-garyndaşlary gatnaşdylar.

Medeniýet ojagynyň baýramçylyk ruhunda bezelen eýwanynda guralan, şahyryň ömür-döredijiliginden söhbet açýan sergi özüne çekiji boldy. Duşuşyga gatnaşyjy myhmanlar dutarçy bagşylaryň belent owazly aýdym-sazly çykyşlary astynda sergini uly gyzyklanma bilen synladylar. Mejlisler jaýynda ýaýbaňlandyrylan duşuşykda gözelligiň, söýginiň, päkligiň waspçysy bolan şahyr Ilmyrat Pudakowyň goşgulary, baý döredijiligi hakynda söhbet açyldy. Meşhur döredijilik işgärleri öz çykyşlarynda täze taryhy döwrümizde türkmen edebiýatynda görnükli yz goýan ýazyjy-şahyrlaryň ömür-döredijiligine aýratyn sarpa goýulýandygyny nygtap, bu günki duşuşygyň hem munuň aýdyň subutnamasydygyny bellediler. Görnükli şahyryň ajaýyp eserleri göwünleri galkyndyrýar, kalplara hyjuw berýär.

Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz).