Budapeştde güýz güneşiniň çogy

2 Dekabr 2024
182

29-njy noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymyň çakylygy boýunça bu düzümiň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde geňeşiň 16-njy mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Wengriýa iş saparyny amala aşyrdy.

Her paslyň özüne mahsus häsiýetli aýratynlygy, tapawutly gözelligi bolýar. Mysal üçin, ähli reňkler güýzde bar. Tebigatyň güýz paslyndaky reňbe-reň jomartlygyna akyl haýran. Köp öwüşginliligiň sazlaşykly gözellige öwrülişini synlamak juda täsirli. Güýz gününiň Güneşi hem üýtgeşik. Salkyn howanyň ýuwaş-ýuwaşdan çigrekläp başlan çagynda Güneşiň ýyly çoguna çoýunýaň welin, janyň hezil edinýär. Beýle ýakym beýleki pasyllara mahsus däl. Ýene bir aýratynlygy, güýz agras pasyllaryň biri hökmünde görülýär, belki, şonuň üçindir milli edebiýatlaryň birnäçesinde muny paýhas pasly hökmünde suratlandyrýarlar. Ýöne şu ajaýyplyklaryň üstüni ýetirýän ýene bir gudrat bar ekeni. Rowaýatlara görä, gözellik pasyllara paýlanylanda olaryň hersi özünden göwnühoş bolup, pyr-pyr pyrlanyp başlapdyr. Şol wagt arşdan bir ses eşidilipdir: «Bu entek hemmesi däl. Siz mundanam owadan bolup bilýäňiz, ýöne ol size bagly däl» diýlipdir. Pasyllar sakga säginip, özlerini has-da bezäp biljek gudratyň nämedigi bilen gyzyklanypdyrlar. «Ol gudrat — ynsan. Ynsan özüniň akyly, paýhasy, pähimi hem-de amaly bilen sizi has gözelleşdirip bilýär. Şonda siziň zynatyňyz has zyýada bolar» diýen ses ýaňlanypdyr. Bu düzgün şondan bäri hem ýörgünli bolupdyr.

Rahmet GYLYJOW,
«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory. Aşgabat — Budapeşt — Aşgabat.