Beýni we akyl-paýhas oýunlary

4 Ýanwar 2021
2375

Akyl-paýhas oýunlarynyň diňe bir güýmenje bolman, beýniniň işjeňligini artdyryp, zehini ýitileşdirýändiginden habaryňyz bardyr. Gyşky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde bu oýunlara wagt tapyp bilersiňiz. Olar hem güýmenje, hem-de beýniňiz üçin yzygiderli türgenleşik bolar.

Düzzüm, şaşka, küşt, krossword, matallar, tapmaçalar ýaly akyl oýunlary birek-birek bilen özara arabaglanyşygy hem ösdürýär. Professor Riçard Kaselli bu oýunlary yzygiderli oýnamagyň birbada birnäçe ukybyň ýüze çykmagyna, munuň bolsa beýnidäki käbir keselleri bejerijilik häsiýetine eýedigini belleýär. Çünki 12 ýylyň dowamynda 1157 müň adamda geçirilen barlaglarda yzygiderli akyl oýunlaryny oýnamagyň täsiri bilen beýnidäki Alsgeýmer keseliniň ýok bolup gidýändigi ýüze çykaryldy.

Taýýarlan Maral AKMYRADOWA,
«Nesil».