Giň dünýäniň geň habarlary

4 Ýanwar 2021
1518

Edil aýna ýaly

Öndürýän önümleri bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýän «Xiaomi» kompaniýasy aňyrsy görnüp duran, edil aýna ýaly diýdirýän täze telewizorlaryň önümçiligini ýola goýmakçydygyny mälim etdi. Şeýle telewizorlary 2019-njy ýylda «Panasonic», 2017-nji ýylda «LG», 2016-njy ýylda «Samsung» kompaniýalary köpçülige tanyşdyrypdy. Kompaniýa şeýle telewizorlary köpçülikleýin öndürmegi maksat edinýär. «Xiaomi Mi TV Lux Transparent Edition» diýlip atlandyrylýan telewizoryň OLED ekrany 55 dýuým bolup, onuň galyňlygy 5,7 mm deň bolar. Onuň haçan satuwa goýberiljekdigi hakynda anyk maglumatlar ýok. Telewizoryň bahasynyň beýleki kompaniýalaryň şeýle görnüşli telewizorlaryndan 3 esse arzan bolmagyna garaşylýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.