Türkmen sazlary dünýäde ýaňlanýar

29 Noýabr 2024
217

Niderlandlar Patyşalygynyň «Belinfante Quartet» kirişli saz gurallar topary Ýer togalagynyň daşyny gurşaýan 40-njy parallelde ýerleşýän ýurtlaryň kompozitorlarynyň sazlaryny çalyp, ýazgy etmek kararyna gelipdir. Bu parallele Türkmenistan hem degişli bolup, sazandalar internet arkaly türkmen kompozitorlarynyň eserleri bilen tanşypdyrlar. Şunlukda, olar Nury Halmämmedowyň «Aýgytly ädim» kinofilmine «Küştdepdiniň» heňinde ýazan «Gyzlaryň aýdymyny» we Baýramdurdy Hudaýnazarowyň «Ýylgaýlar» halk sazynyň esasynda kirişli saz gurallar orkestri üçin döreden adybir konsertinasyny saýlap alypdyrlar. «Belinfante Quartet» topary bu sazlary kirişli saz gurallar kwarteti üçin işläp, Ýewropa ýurtlarynyň ençemesindäki çykyşlarynda ýerine ýetirýär.

Sungaty söýüjileriň köpüsi Baýramdurdy Hudaýnazarowyň döredijiligi bilen tanyşdyr. Halypa entek ýokary okuw mekdebine talyplyga kabul edilmänkä, şirin labyzly aýdymlary bilen meşhurlyk gazandy. Biz çagakak onuň «Çalsana, bagşy!», «Gözleriň», «Zenan göründi», «Goňşy gyz», «Gel, obamyň lälesi!», «Ak, derýam!», «Derýa» ýaly aýdymlaryny ürç edip aýdardyk. Olar milliligi bilen, eýýäm dörän gününden dilden-dile geçip, halk aýdymlaryna öwrülip gitdi.

Suhan TÜÝLIÝEW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy.