Türkmenistanyň gadymy medeni ýadygärliklerini öwrenmek boýunça Türkmen-fransuz arheologik toparynyň (MAFTUR) döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky gadymy Ulugdepe taryhy-medeni ýadygärliginden tapylan arheologik tapyndylary Şekillendiriş sungaty muzeýine gowşurmak dabarasy geçirildi. Oňa iki ýurduň arheologiýa ylmyny öwrenýän alymlary, taryhçylary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar hem-de dostlukly döwletiň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Dabara gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, Merkezi Aziýanyň gadymy ilatynyň oturymly ýaşaýşa geçişiniň, ekerançylyk medeniýetiniň emele gelşiniň we ösüşiniň taryhyny öwrenmekde Türkmenistanyň arheologik ýadygärliklerine aýratyn orun degişlidir. Şeýle gymmatly taryhy-medeni ýadygärliklere baý bolandygy we olaryň düýpli öwrenilmeginiň dünýä alymlarynda uly gyzyklanma döredýändigi göz öňünde tutulyp, Türkmenistanyň gadymy medeni ýadygärliklerini öwrenmek boýunça Türkmen-fransuz arheologik topary (MAFTUR) döredildi. Türkmenistanyň Ylymlar aka-demiýasynyň we Fransiýanyň Milli ylmy-barlag merkeziniň arasynda baglaşylan ylalaşyga laýyklykda döredilen bu topar 1994-nji ýyldan bäri ýurdumyzyň dürli ýerlerindäki taryhy ýadygärlikleri öwrenmek boýunça türkmen alymlary bilen bilelikde arheologik gözleg işlerini alyp bardy.