Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» myhmanhanasynda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 41-nji mejlisiniň çäklerinde türki dilli ýurtlaryň ýaşlarynyň arasynda düzme ýazmak we surat çekmek boýunça ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy hem geçirildi. Oňa TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary S.Raýew, türki döwletleriň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň Bilim, Medeniýet ministrlikleriniň we olaryň garamagyndaky edaralaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», Änew şäheriniň şu ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, TÜRKSOÝ tarapyndan türki dilli ýurtlaryň mekdep okuwçylarynyň arasynda «Magtymguly Pyragy — akyldar we şahyr» diýen at bilen düzme ýazmak ussatlygy boýunça hem-de türki döwletleriň ýaş suratkeşleriniň arasynda «Türki halklaryň medeni mirasy we Änew medeniýeti» atly halkara döredijilik bäsleşikleri yglan edildi. «Aşgabat» myhmanhanasynda guralan çäräniň çäklerinde doganlyk halklardan ýaş suratkeşleriň ady agzalan bäsleşigine gatnaşyp, ýeňiji bolan oglan-gyzlaryň döredijilik eserleriniň sergisi hem ýaýbaňlandyryldy. Ýaş zehinleriň eserlerinde türki dünýäniň halklarynyň baý mirasy, medeni durmuşy, Magtymguly Pyragynyň çeper keşbi ussatlyk bilen şöhlelendirilipdir. Bäsleşiklere reňklerden sungat gözelligini döredýän hem-de öz pikirini çeper söz bilen beýan edýän ýaşlar işjeň gatnaşdylar. Ýaş suratkeşler öz eserlerinde şöhratly geçmişi dünýä ýaň salan gadymy Änewiň ýaşaýyş-durmuş medeniýetini, taryhyny giňden açyp görkezipdirler. Düzme ýazmak ugry bolsa Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen çuňňur gyzyklanýan zehinli ýaşlary ýüze çykaryp, olara bolan guwanjy hem buýsanjy has-da artdyrdy.