Çaganyň dogluşyny döwlet tarapyndan bellige aldyrmagyň tertibi

28 Noýabr 2024
255

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasyndaky hukuk kadasynda ata-eneleriň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň çagalaryny terbiýelemäge, saglygy, ösüşi, okuwy barada alada etmäge, zähmete taýýarlamaga, kanunlara, taryhy we milli däp-dessurlara hormat goýmak medeniýetini olaryň aňyna ornaşdyrmaga hukuklydyklary we şol bir wagtyň özünde, borçludygy barada-da nygtalýar. Mähriban Diýarymyzda maşgala hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin döwlet derejesinde giň şertler döredilýär.

Türkmenistanda dünýä inen her bir çaga döwlet tarapyndan bellige alynmaga  degişlidir. Munuň üçin çaganyň ene-atasy «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda, çaganyň hakykatda doglan ýerindäki ýa-da ene-atanyň (olaryň biriniň ýaşaýan ýerindäki) RÝNÝ edarasyna ýüz tutýarlar. Çaganyň dogluşy tarapyndan bellige alynmagy üçin degişli RÝNÝ edarasyna ýüz tutulan güni döwlet belligine alyş işi amala aşyrylýar.

Magsat TEKEBAÝEW,
Boldumsaz etrap kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi.