Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi

28 Noýabr 2024
192

27-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekili Žan Todty kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp, BMG-niň Baş sekretaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara foruma işjeň gatnaşýandygy üçin myhmana minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz bu halkara maslahatda Türkmenistan bilen BMG-niň Ýol howpsuzlygy boýunça edarasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny hem-de geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiligiň dörejekdigine ynam bildirdi. Jenap Žan Todt Türkmenistanyň durnukly ulag ulgamyny we ýol howpsuzlygyny üpjün etmek babatda durmuşa geçirýän işleriniň nusgalyk häsiýete eýedigini belläp, ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 26-njy noýabry “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýip yglan etmek barada kabul eden Kararnamasynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.