Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi

28 Noýabr 2024
245

Aşgabat, 27-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekili Žan Todty kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine salamyny we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda guramanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyny alyp barýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigi bellenildi. Jenap Žan Todt 2013-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň çakylygy boýunça ýurdumyza gelendigini hem-de saparynyň çäklerinde Milli Liderimiz bilen geçirilen duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny, 2016-njy ýylda paýtagtymyzda guralan Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahata gatnaşandygyny aýtdy.