Daşky gurşawyň arassalygy möhüm wezipedir

27 Noýabr 2024
198

Ýaşaýan ýerindäki daşky gurşawyň arassalygy, durmuş şertleriniň ýagdaýy ynsan saglygy üçin uly ähmiýete eýedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň gaýtalanmajak tebigy gözelliklerini gorap saklamakda, ony has-da baýlaşdyrmakda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tebigaty goramak we daşky gurşawyň arassa bolmagyny üpjün etmek baradaky taýsyz tagallalary, ilkinji nobatda, halkymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyna gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik eserinde hem sahawatly topragymyzda bitýän ösümlikleriň adamyň saglygyna, ruhy sagdynlygyna taýsyz melhemdigi giňden açylyp görkezilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän tutumly işleriniň halkymyzyň saglygyny goramaga, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilýändigi bizi diýseň begendirýär.  

Jemal GARAÝEWA,
Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyby, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.