Gurmak — özgerişligiň nyşany

27 Noýabr 2024
240

Ykdysadyýetiň kuwwatlanmagynda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda gurluşyk pudagy möhüm orny eýeleýär. Döwlet Baştutanymyz täze desgalary işe girizmäge, medeni-durmuş maksatly binalary gurmaga döwletimiziň uly möçberli maýa goýumlaryny gönükdirýär.

Şanly ýylyň tamamlanan döwründe welaýatymyz boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna esasy serişdelere düýpli maýa goýumlarynyň 5 milliard manatdan gowragy gönükdirildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 15,8 göterim artykdyr. Serişdeleriň 3 milliard 236,2 million manady önümçilik pudaklarynda, 1 milliard 771,7 million manady bolsa beýleki pudaklarda özleşdirildi. Bu görkeziji ykdysadyýetiň döwlete degişli böleginde 1 milliard 163,3 million manada ýetdi. Şol serişdeleriň 41 göterimi önümçilik maksatly desgalara gönükdirildi. Şol bir wagtyň özünde medeni-durmuş maksatly desgalara gönükdirilen düýpli maýa goýumlary geçen ýylyň degişli döwrüne görä 9,4 göterim artyp, 685,8 million manada barabar boldy.

«Türkmen gündogary».