Berkararlygyň egsilmez güýji

27 Noýabr 2024
236

Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyna we hemişelik Bitaraplygyna eýe bolmagy bilen türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesi düýpli özgerdi. Türkmenistany okgunly ösýän ýurt hökmünde bütin dünýä tanap başlady.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasaty geçen döwürde parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine berk eýermek esasynda alnyp barlyp, ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaş hökmünde dünýäde tutýan ornuny barha berkidýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde eden taryhy çykyşlary, öňe sürýän başlangyçlary biziň döwletimiziň ählumumy parahatçylygyň, gülläp ösüşiň we abadançylygyň hatyrasyna Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy giňden ýaýbaňlandyrmagyň, ösüş arkaly parahatçylygyň tarapdarydygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar we dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde ýurdumyzyň abraýyny öňküden-de belende galdyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň asylly başlangyjy giňden goldanylyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginde hem çuňňur many-mazmun jemlenýär. Bitaraplyk we parahatçylyk sözleri mazmun taýdan biri-birine ýakyn bolup, il-günüň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmak, ýurduň asudalygyny goramak bilen baglanyşykly düşünjeleri aňladýar. Hut şonuň üçinem Garaşsyz döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy bolan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzyň ykdysady ösüşini we abadançylygyny üpjün edýän möhüm şertidir.

Göwher ABDYLLAÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.