Döwrebap tehnologiýalarda täze önümçilikler

26 Noýabr 2024
240

Paýtagtymyzyň bazarlaryna, söwda dükanlaryna aýlanýan wagtyň, gözüňi dokundyrýan dürli görnüşli harytlaryň arasyndan «Maksada okgunly» haryt nyşanly önümlerde biygtyýar nazaryň eglenýär. Harydy eliňe alyp, onuň hind guşunyň etinden taýýarlanandygyna, del tagamly, saglyk üçin peýdalydygyna göz ýetireniňde bolsa, dessine satyn almaga höweslenýärsiň. Alyjylarda öz önümlerine bolan ýokary islegi döredýän tejribeli telekeçä Maksat Ibragimow diýýärler. Ýurdumyzda ilkinji bolup hind guşunyň etiniň önümçiligini ýola goýan halypa telekeçiniň ýolbaşçylygyndaky döwrebap guşçulyk toplumy Gökdepe etrabynyň «Ahal» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýär. Ussat telekeçiniň indi köp ýyldan bäri halkymyzy hind guşunyň del tagamly eti bilen üpjün edip gelýändigini bellemek ýakymly. Ýeri gelende, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Maksat Ibragimowyň ýurdumyzda hind guşunyň etini ilkinji bolup daşarky bazara çykarandygyny hem aýtmaly. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanýan telekeçiler häzirki wagtda öz önümlerini Azerbaýjan we Gruziýa döwletlerine yzygiderli eksport edýärler.

Keýik UMAROWA,
žurnalist. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.