Ählumumy parahatçylygyň kepili

25 Noýabr 2024
325

Her bir döwletiň özüniň milli baýramçylygy hökmünde taryhyna giren seneleri bolýar. Döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan güni hem ýatdan çykmajak seneleriň biri bolup, şanly taryhymyzyň şöhratly ýyly boldy. Mundan 29 ýyl ozal, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Garaşsyz Türkmenistan döwleti özüniň Bitaraplyk hukuk derejesine ýetdi. Şol wagt dünýäde çylşyrymly syýasy wakalaryň höküm sürýändigine garamazdan, biziň döwletimiz iň uly we hormatly derejä mynasyp bolmak bilen, dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan we onuň şol wagtky düzümine girýän 185 döwletiň ykrar etmeginde Bitarap döwlet boldy. Hemişelik Bitaraplyk döwletimiziň taryhyna müdimilik altyn harplar bilen ýazyldy hem-de halkymyzyň buýsanjyna öwrüldi.

Dünýäde ýeke-täk we ilkinji gezek Milletler Bileleşigi tarapyndan hemişelik Bitaraplyk derejesi berlen döwlet biziň Berkarar döwletimiz Türkmenistandyr. Esasy Kanunymyzyň rejelenen görnüşiniň 2-nji maddasynda hem bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzyň ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny durmuşa geçirmek ugrunda esas bolup durýandygy barada beýan edilmegi aýratyn mana eýedir. Çünki 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky» Kararnamanyň kabul edilmegi hem Bitaraplyk hukuk derejämize pugta eýerýändigimiziň, dünýäde parahatçylyk söýüji başlangyçlary öňe sürýändigimiziň beýany bolup durýar.

Göwher HYDYROWA,
Aşgabat şäher prokuraturasynyň baş derňew bölüminiň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.