Täzelik

25 Noýabr 2024
226

Türkmenabadyň S.A. Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda zerur bolan fosforly dökünler, kükürt kislotasy, hlor heki, şeýle-de oksigumat, kislorod ýaly önümleri öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar.

Kärhanada şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda 167 million 368 müň 736 manatlyk önüm öndürildi. On aýlyk iş meýilnamasy üstünlikli berjaý edilip, 103 göterim ösüş depgini gazanyldy.