Beýik üstünliklere ruhlandyrdy

4 Ýanwar 2021
2023

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Bitarap Watanymyz gözümiziň alnynda ösýär we özgerýär. Ýurdumyzyň ähli ugurlarda gazanýan ägirt uly üstünlikleri, ýetýän belent sepgitleri milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna itergi berýär. Diýarymyzyň şeýle ösüş-özgertmelerine tamamlanan, 2020-nji ýylyň dowamynda turuwbaşdan şaýat bolduk. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçirilen ýylda dürli çärelere, aýdym-sazly dabaralara, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşliklere, duşuşyklardyr maslahatlara gatnaşdyk. Bu zatlar bize Täze, 2021-nji ýyla uly ruhubelentlik bilen gadam basmaga hyjuw berdi. Garşylanan ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy kalbymyzy has-da joşa getirip, toý şatlygymyzy goşalandyrdy. Bu ajaýyp şygar ulus-ilimizi Gahryman Arkadagymyzyň daşyna has-da berk jebisleşip, netijeli zähmet çekmäge, döretmäge we gurmaga ruhlandyrdy.

Ata Watanymyzda parahatçylyk, asudalyk, abadanlyk höküm sürýär. Döwrebap şertlerde zähmet çekmäge, bilim almaga, hünär öwrenmäge, kämillige ýetmäge ähli şertler üpjün edilýär. Şeýle bolansoň, halkymyz durmuş eşretleriniň hözirini görüp bagtyýarlykda ýaşaýar. Bu ajaýyp mümkinçiliklerdir şertler, amatlyklar Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Muňa oňat düşünmek bilen, gadam basylan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda has-da yhlasly zähmet çekip, ata Watanymyzyň has-da belent derejelere ýetmegine, gülläp ösmegine mynasyp goşandymyzy goşarys. Bize şeýle bagtyýarlygy peşgeş berendigi üçin hormatly Prezidentimize päk ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys.