Eziz Diýarymyzyň beýik ösüşleri

4 Ýanwar 2021
1968

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiz döwrebap ösdürilýär. Şunda milli ykdysadyýetimiziň sanly ulgama geçirilmegi esasy ugurlaryň biridir. Geçen ýylyň dowamynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň durnukly esaslaryny kemala getirmek, ilkinji nobatda, bu ulgamda hukuk kadalaşdyrylyşyny üpjün etmek boýunça yzygiderli işler amala aşyryldy.

Sanly ykdysadyýete geçilmegi maýa goýum işjeňligini ösdürmäge, döwlet dolandyrylyşynyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga hem-de täze iş orunlaryny döretmäge, maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ähli pudaklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.

“Mugallymlar gazeti”.