Ykdysadyýet ylmynda täze ugur — maglumatlar ykdysadyýeti

24 Noýabr 2024
166

Maglumatlar ykdysadyýeti (Data economics) — ykdysadyýet ylmynda täze ugur bolup, ol häzirki zaman ykdysadyýetinde maglumatlaryň ornuny, olary toplamagyň, işläp taýýarlamagyň, seljermegiň, ýaýratmagyň we ulanmagyň usullaryny öwrenýär. Bu ugurda işleýän alymlar maglumatlaryň nädip ykdysady gymmatlygy emele getirip bilýändigini, olaryň nädip bazarlaryň düzümini, işewürlik modellerini we döwlet dolandyryşyny üýtgedýändigini öwrenýärler. Şeýle ylmy barlaglar ykdysady gymmatlygy döretmek, töwekgelçilikleri azaltmak we innowasiýalar bilen sarp edijileriň hukuklaryny goramagyň arasynda deňagramlylygy saklamak üçin maglumatlary nädip dogry ulanmalydygyna düşünmäge kömek edýär. Sanly üýtgeşmeler şertlerinde maglumatlar, edil nebit ýa-da altyn ýaly esasy ykdysady çeşmä öwrülýärler, olaryň pula çalşylmagy, düzgünleşdirilmegi we goralmagy meseleleri bolsa wajyp ähmiýete eýe bolýar. Bu ugurdaky käbir öňdebaryjy alymlar — «Google» kompaniýasynyň baş ykdysatçysy Hel Werian maglumatlaryň ykdysadyýet ylmyna täsirini öwrenýär, şeýle-de Erik Brinýolfsson we Awinaş Kolkarn sanly ykdysadyýet we awtomatlaşdyrma meseleleriniň üstünde işleýärler.

Maglumatlar ykdysadyýetiniň esasy jähetleri şu aşakdakylardan ybaratdyr:

Muhammetguly Muhammedow, Emine Elif Orazowa,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymlary.