«7/24.tm»: №48 (235) 25.11.2024
Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde bütin dünýä äşgärdir. Ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmek ugrunda yzygiderli wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Halkymyzyň saglygyny berkitmek bilen birlikde berk bedenli, ruhy kuwwatly ýaş nesliň ýaşaýyş-durmuş ähmiýetli işlerini sport ýörelgelerini bilen baglanyşdyryp, olaryň saglygyny gorap saklamak döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biridir. Alys geljegi nazarlaýan bu syýasatymyz «Saglyk» döwlet maksatnamasy esasynda üstünlikli durmuşa geçirilip, bu ugurda ýokary netijeleri gazanylýar. Maksatnama esaslaýyn birnäçe işler alnyp barylýar. Munuň mysaly hökmünde, Köpetdagyň ajaýyp künjeklerinde gurlan dowamlylygy 8 km barabar bolan Saglyk ýoluna edilýän gezelençler, ýörişler aýdyň şaýatlyk edýär. Saglyk ýoly, gelýän adamlaryň saglygyny berkitmek bilen olary şähdi açyk edýär. Bir söz bilen aýdanymyzda Saglyk ýoly bu ýere gelýänlere ruhubelentlik paýlaýar. Sebäbi bu ýeriň ajaýyp dag tebigaty, ekoulgamy saglygyny berkitmek üçin gelýänleriň göwnünden turýar.