Sungat dostlugy berkidýär

21 Noýabr 2024
202

Gadymy döwürlerden bäri goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarly bolan türkmen-özbek dostlugy häzirki wagtda täze öwüşgin bilen baýlaşdyrylýar. Ýurdumyz bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary täze üstünliklere beslenýär. Ýakynda ýurdumyzda geçirilen Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri hem bize ýatda galyjy pursatlary eçildi. Ýurduň özboluşly däp-dessurlaryny, tebigatynyň gözelligini we taryhyny beýan edýän amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi, özbek sungat ussatlarynyň konserti, özboluşly aýdym-saz we tans-etnografik çykyşlary ildeşlerimizde ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy.

Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky  Medeniýet günleriniň çäklerinde Lebap welaýatynyň edara ediş merkezi Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň Ak öýi» binasynda 20-nji noýabrda öz işine başlan Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumynyň hem-de özbek harytlarynyň milli sergisi hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň aýdyň dabaralanmasy boldy.

Aýgözel RAHMANOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.