Rowaclyga beslendi

2 Ýanwar 2021
2104

Ýagşy umyt-arzuwlar bilen Täze ýylymyz bosagadan ätledi. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly uly ösüşleri, möhüm syýasy-jemgyýetçilik wakalary bilen taryhymyzyň gatynda mynasyp orun alar. 2020-nji ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 29 ýyllygy dabaraly bellenip geçildi. Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýy uludan tutuldy.

Mydama bolşy ýaly, gazanylan üstünlikler örän köpdür. Ähli ugurlarda bolşy ýaly, bilim ulgamyny ösüşiň täze derejelerine çykarmaga gönükdirilen işler oňat netije berýär. Bilim berlişiniň hili ýokarlanýar. Bizem çagalar bagymyzda sapaklary talabalaýyk guramaga, terbiýeçilik çärelerini gyzykly geçirmäge çalyşýarys. Şu maksat bilen görkezme esbaplaryndan, interaktiw tagtadan peýdalanýarys. Şeýle edilmegi körpeleriň sapaga höwesiniň artmagyna ýardam edýär. Çagalar bagymyzda terbiýelenýän çagalar şäher, welaýat derejesinde geçirilýän bäsleşiklere işjeň gatnaşýarlar, baýrakly orunlary eýeleýärler. Şäher möçberinde guralan «Zehinliler öňe saýlanýarlar», «Körpe bilgirjeler», «Dil bilen dünýäni gezer» atly bäsleşiklerem gyzykly boldy.

Ogulnur GURDOWA,
Türkmenbaşy şäherindäki 32-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulçysy.